YKDYSADYÝET

«Altyn bürgüt» içerki bazardaky ornuny giňeldýär

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri polipropilen turbalaryň 350 tonnadan gowragy öndürildi.

Şeýle hem hususy kärhanada bar bolan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen 520 tonna haltalyk mata öndürilip, müşderilere ugradyldy.

Işewürlik pudagynda işleri barha ilerleýän kärhana şu ýyl plastmassa gaplarynyň hem 95 tonna golaýyny öndürip, içerki bazara ugratdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: