JEMGYÝET

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda sözen bilen borjagyň tohumy ýygnalýar

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda sözen bilen borjagyň tohumyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Bu tohumlar noýabr ― dekabr aýlarynda gara ýollaryň, edara jaýlarynyň golaýlaryna ekiler. Bulardan başga-da, şu ýyl müňlerçe düýp sazak nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Bu işler goraghananyň 30-dan gowrak hünärmeni bilen alnyp barylýar.

Goraghanada Garagumyň ümmülmez tebigy baýlyklaryny goramak boýunça ýyllaryň dowamynda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki günlerde hem goraghananyň hünärmenleri Repetegiň çäginde, şol sanda çäkli goraghanalarda alnyp barylýan işleriň netijesinde sährada bitýän ösümlikleriň we ýaşaýan jandarlaryň ygtybarly goragy we idegi üpjün edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: