BIZE YAZYARLAR

Saz-biziň arzuwymyz

  Garaşsyz Türkmenistanda häzirki wagtda alty sany ýöriteleşdirilen sungat mekdepleri bar. Men Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi barada gürrüň bermekçi.    

     Men Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň IV ýyl talyby. Biziň sungat mekdebimiz 1975-nji ýylyň 6-njy awgustynda açyldy, 2025-nji ýylda bolsa şanly 50 ýyllygy belleniler. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebimizde on sany bölüm netijeli işleýär. Olar: “Türkmen milli saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Fortepiano”, “Kirişli saz gurallary”, “Aýdym”, “Halk tansy”, “Hor dirižýorlygy we saz mugallymçylygy”, “Sazyň taryhy we nazaryýeti”, “Nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk”.

  Sungat mekdebimiziň aýdym-saz toparlary ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir. Sebitleýin we welaýat baýramçylyk çäreleri elmydama şu toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýär. Döwlet teleýaýlymlarynda( “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmen owazy”) toparlarymyzyň konsert çykyşlaryny ýazga geçirýärler. Olaryň arasynda: “MIRAS” aýdym-saz topary ( ýolbaşçylary-Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri N. Hüseýinow, B. Haýdarow), “Hor topary” (ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti B. Berdiýew, “OWAZ” a’cappella aýdym-saz topary (ýolbaşçylary:Türkmenistanyň halk artisti B. Berdiýew we mekdebiň Hor dirižýorlygy bölüminiň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri D. Sähedow), bagşylar topary (ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk bagşysy G. Öwezow).

  Gojaman taryhy nazarlap gelýän milli aýdym-saz sungatymyzy içgin öwrenip ,  onuň ösmegine goşant goşan ussat halypalar,olaryň nusgalyk ýol-ýörelgeleri ýaş nesillere görelde bolup, ýaşlarda mukaddes sungata bolan söýgüni has-da artdyrýar. Hormatly mugallymlarymyz ussatlygyny, tejribesini we aýdym-saza bolan söýgüsini ýaş talyplara yzygiderli geçirýärler.

  Biziň ýörite sungat mekdebimiziň hormatly mugallymlary: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş M. Baltaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döwlet bäsleşikleriň ýeňijisi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri B. Soltanow; zehinli tejribeli mugallymlary: T. Joraýewa ( “Wokal”) , L. Koşelewa (“Fortepiano”), Ýu. Jumaýewa, D. Halbaýew (“Sazyň taryhy we nazaryýeti”), A. Arbapow (“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”), A. Işankulyýew(“Nakgaşlyk”) .

   Men söýgüli sungat mekdebime, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlaryna,biz talyp ýaşlara edebiýat we sungat älemine girmäge mümkinçilik döredenlikleri üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Olaryň bize yzygiderli,üznüksiz berýän sapaklary netijesinde maňa ajaýyp saz eserleriniň dünýäsi açyldy, dürli çeperçilik stillerine duş geldim (impressionizm, neoromantizm, konstruktiwizm). Şeýle hem ajaýyp ýewropa we türkmen kompozitorlarynyň durmuş ýoly,olaryň eserleriniň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary, dünýä mirasynyň sanawyna goşulan türkmeniň naýbaşy saz gurallarynyň biri bolan dutaryň ussat ýerine ýetiriji bagşy-sazandalarynyň döredijiligi, sazy aňlatmagyň serişdeleri(kyrklar, nowaýy) bilen tanyş boldum. Şular bilen bir hatarda çeper eserleriň syryny öwrenmegi başardym. Nakgaşlar- B. Nuraly,Ý. Baýramow, J. Rejepow, J. Jumadurdy, Y. Gylyjow, Ý. Annadurdy; heýkeltaraşlar: B. Annamyradow, S. Babaýew, N. Ataýew, J. Jumadurdy we başgalar).

  Meniň arzuwym Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna girmek we ony üstünlikli tamamlamak,soňra Lebap welaýat ýörite sungat mekdebine dolanyp ýaş mugallym bolup talyplara saz spesifikasynyň, sungatynyň aýratynlyklaryny öwredip, zehinli talyplary ýüze çykarmagy isleýärin.

  Ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli biziň aýdymçylarmyz we döredijilik toparlarymyz üýtgeşik, her dürli programmaly konsert taýýarladylar. “Türkmeniň ak öýi”, “Türkmenistan” toý mekanynda konsert uly üstünlikli geçirildi.

   Täze 2023-nji ýylda talyp ýaşlaryna, sungat döredijilik adamlaryna we  mugallymlara döredijilik işlerinde ägirt uly üstünlikleri, ruhubelentlik arzuw edýärin!

  Biz ýaşlara,talyplara erkin okamaga,kämilleşmäge giň mümkinçilikler döredip beren,medeniýetiň,sungatyň hak-hossary Arkadagly Serdarymyzyň jany sag,başy dik, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatlygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 Gözel Nurmamedowа Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň IV ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: