YKDYSADYÝET

«Lebap» sement zawodynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam etdirilýär

Şu günler Köýtendag etrabynyň çäginde «Lebap» sement zawodynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy güýçli depgin bilen dowam etdirilýär, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Kuwwatlylygy ýylda bir million tonna sement öndürmäge barabar bolan täze zawodyň gurluşygy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar. Onuň gurluşygyna 2020-nji ýylyň tomsunda girişilipdi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kuwwatly kärhananyň gurluşygynyň buýrujysy bolup durýar. Häzirki wagtda zawodyň gurluşygynda ýerli hünärmenleriň 650-den gowragy işleýär.

Zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň «S-400» we «S-500» görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär. Onuň ikinji tapgyry işe girizileninden soň tapgyrda has «S-600» görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: