JEMGYÝET

Gallaçylara medeni hyzmat edilýär

Çärjew etrabynyň medeniýet bölüminiň aýdymçylary «Watan» daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň arasynda boldular. Olar günortanlyk arakesme wagtynda bugdaý oragyna gatnaşýan hünärmenlere medeni hyzmat etdiler.

Medeniýet bölüminiň aýdymçylary diňleýjileriň gowy görýän aýdymlaryny ýerine ýetirdiler, tansçylar toparynyň agzalary bolsa özleriniň sazlaşykly hereketleri bilen aýdymlara özboluşly öwüşgin berdiler. Şonuň ýaly-da, kombaýnçylaryň dynç almaklary üçin döredilen meýdanda kitaphana hyzmatlary hem ýola goýuldy. Galla oragyna gatnaşyjylar kitap aldylar we gazet-žurnallary okadylar.

Şeýle çäreler Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda hem alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: