YKDYSADYÝET

Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz iberip başlar

Türkmenistan üstümizdäki ýylyň martyndan Gazagystan Respublikasyna tebigy gaz iberip başlamaga taýýar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan doganlyk Gazagystana gerekli mukdarda elektrik energiýasyny ibermäge hem taýýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilişine görä, muny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň onlaýn duşuşygy wagtynda yglan edipdir.

Şonuň ýaly-da, ol dünýä jemgyýeti tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Gazagystanyň halkyna ykdysady, durmuşy we ynsanperwer ugurlarda islendik kömegi bermäge taýýardygyny aýdypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: