Aw etmegi halaýanlar täze ýyla çenli garaşmaly bolarlar

Sep 20, 2020

Ene tebigatyň goýnuna çykyp, aw awlamagy halaýan türkmenistanlylar söýgüli güýmenjelerini dowam etdirmek üçin täze ýylyň ilkinji gününe çenli garaşmaly bolarlar. Çünki «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabryndaky sanynda çap edilen bildirişde hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda aw möwsüminiň açylmagy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli süýşürildi.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bu çäklendirmäni dünýäde ýiti sowuklama keselleriniň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýy nazara alyp, şeýle hem bu ýokançlaryň ýurdumyzyň ilatynyň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen girizdi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: