SPORT WE SYÝAHAT

Laýl Teýlor — iň sowuk ganly we ýalta penalti urujy

2019-njy ýylda Angliýanyň «Çarltonynda» oýnaýan Teýlor oýundan soňky on bir metrlik urguda «Donkasteriň» derwezesine sowuk ganlylyk we ynam bilen gol geçirdi we toparyna Çempionşipde pleý-off ýeri üçin finala çykmaga kömek etdi. Bu barada «mail.ru» habar berýär.

Futbolçy penaltini ýerine ýetirmegiň örän täsin tehnikasyny ulanýar: ol pökgini ýerinde haýal goýýar, gyssanman, ondan arany açýar, pökginiň ýanyna ylgap gelmäge derek, haýalja ýöräp barýar we ony bat almazdan depýär.

Futbolçy 2019-njy ýyldan bäri bu usulyny birnäçe gezek ulandy, ol bir tarapdan haýran galdyrsa, beýleki tarapdan garşydaşynyň aňk-taňk bolmagyna getirýär.

Käbirleri Laý Teýlory «iň haýasyz futbolçy», beýlekileri onuň urgusynyň tehnikasyny «ýalta» diýip atlandyrýarlar. Öz ýerinde olaryň hemmesi hem hakykaty aýdýarlar. Ondan başga hiç kimem penaltini şeýle ýerine ýetirmeýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: