SPORT WE SYÝAHAT

Şirin Kubaýewa kuraşçy zenanlaryň medal gazanmak mümkinçiligine ýokary baha berýär

Türkmenistanyň kuraş boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şirin Kubaýewa şägirtleriniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda medal gazanmak mümkinçiligine ýokary baha berýär.

Baş tälimçi şu günler Türkmenabatda dowam edýän türgenleşiklere kuraşçy zenanlaryň 25-sini çagyrdy. Mälim bolşuna görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar sekiz agram derejesinde geçiriler. Geçen çempionatlarda Kuraş boýunça halkara assosiasiýa ýer eýesi hökmünde çykyş edýän milli ýygynda her agram derejesi üçin iki türgen goýmaga mümkinçilik beripdi. Eger bu däp Aşgabatdaky dünýä çempionatynda hem dowam etdirilse, türkmenistanly zenan türgenleriň 16-syny göreş düşekçesinde görüp bileris.

― Men olaryň ählisini kesgitledim diýen ýaly. «Ýöne türgenleşikde näme üçin 25 zenan bar?» diýip soramagyňyz mümkin. Sowal gelmänkä, oňa jogap bereýin ― diýip, welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi. ― Ilkinji aýdylmaly zat, bizde «Birinji düzüm», «Ikinji düzüm» diýen ýaly düşünjeler ýok. 25 türgeniň islendik birini dünýä çempionatynda ýaryşdyryp, olardan medala garaşyp bileris. Gyzlarymyz şol derejede kämillige gol beren. Onsoňam, türgenleşikde garşydaş näçe köp bolsa, «Dünýä çempionatyna gatnaşdyraýsam» diýýän gyzlarymyzyň hem kämilleşmegine ýardam edýär. Nesip bolsa, ýakyn günlerde dürli emelleriň üstünde işläp başlarys. Ine, şonda şol bir garşydaşlar bilen göreşmek we türgenleşmek türgenlerimizi ýadadyp, türgenleşige bolan höwesini gaçyryp biler. Garşydaşyň köp bolmagy, esasy zat bolsa, olaryň özleri bilen deň güýçde, deň başarnykda bolmagy bolsa olaryň güýjüne güýç goşýar.

Mälim bolşy ýaly, kuraş boýunça dünýä çempionaty şu ýylyň 23 ― 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: