LUKMANÇYLYK

Ispan alymlary kofeiniň görüşi we ünslüligi gowulandyrýandygyny ýüze çykardylar

Kofe içgilerini içmeklik gözüň görüşini ýitileşdirýär, reaksiýany we ünsi gowulandyrýar. Ispanyňýanyň Granada Uniwersitetiniň alymlary  şeýle netijä geldiler. Olaryň bu baradaky işi «Psychopharmacology» žurnalynda çap edildi. Bu barada «Известия» gazetinde habar berilýär.

Eksperimente seýrek kofe içýän 20 meýletinçi gatnaşdy. Gatnaşyjylary iki topara böldiler we olaryň birinji toparyna kofeinli kapsula, beýlekisine bolsa boş kapsula berdiler.

Alymlar kofeinli kapsula kabul edenleriň hereket edýän obýektleri tanamak ukybynyň has ýokarlanandygyny ýüze çykardylar. Mundan başga-da, olaryň umumy ünslüliginiň ýokarlananadygyni hem görüpdirler.

Şol bir wagtyň özünde boş kapsula kabul edenlerde belli bir üýtgeşme bolup geçmändir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: