SPORT WE SYÝAHAT

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGÄMIZ

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde ýaş nesli beden hem ruhy taýdan terbiýeläp ýetişdirmek baş alada bolup durýar. Çünki ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn we berk bedenli edip ýetişdirmek il-ýurt bähbitli wezipeleriň biridir.Her ýylda diýarymyzda geçirilýän bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy jemgyýetimizde baş ýörelgeleriň biri bolup durýar. “Sagdyn nesil-kuwwatly Watan” diýen şygary baýdak edinen döwletimizde saglygy goramak we berkitmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bedenterbiýe we sport sagdyn bedenli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam edýär. Şu ýörelgelerden ugur almak bilen, ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde ähli tagallalar edilýär. Welaýatymyzda sportda ýaş zehinleri ýüze çykarmak, halkara derejesinde ussat türgenleri ýetişdirmek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermek maksady bilen sport çäreleri giňden amala aşyrylýar. Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Yzygiderli amala aşyrylýan beýik tutumly işler ruhubelent hem-de maksada okgunly türkmen türgenleriniň sanynyň artmagyna getirýär.


Merkezi Aziýada iň kämil ülňülere laýyk gelýän paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi amatlylygy, tehniki taýdan üpjünçiligi, ähli babatda döwrebaplygy bilen türkmen sportunyň şan-şöhratyny dünýa ýaýdy. Bu ajaýyp sport toplum diňe bir ýokary halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýokary okuw jaýlarynyň türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezi bolup hem hyzmat edýär. Döwletimiziň türgenleri ýurdumyzda, Aziýada, dünýä möçberinde geçirilýän halkara ýaryşlaryna we çempionatlaryna gatnaşyp,öz ussatlyklaryny görkezip gelýärler. Milli Liderimiz “Gadymy döwürlerden biziň halkymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge örän möhüm ähmiýet beripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz müňýyllyklardan gaýdýan bu däpleri mynasyp dowam etdirýäris”- diýmek bilen döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ykrar edilmegini esas edip goýdy. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi boldy. Bu babatda welaýatymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi maksat edinýän işjeň çäreleri mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirmek däp bolup galar.
Döwletmiz milli sport hereketini ösdürmegi höweslendirmek we goldamak bilen halklaryň arasynda dostlukly, parahatçylykly gatnaşygy pugtalandyrýar. Sagdyn jemgyýeti döretmek, ýaş nesliň berk bedenli, ruhy taýdan kämil bolup ýetişmegi üçin milli Liderimiziň alyp barýan işlerine biz mugallymlaryň alkyşlarymyz egsilmezdir.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mametkulyýewa Mamajan.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply