LUKMANÇYLYK

Alymlar garramagyň we çiş keseliniň garşysyna netijeli serişde tapdylar

Hytaýly we ABŞ-ly alymlardan durýan halkara topar üzümiň çigidinde bar bolan prosianidin С1 (PCC1) serişdesiniň syçanlaryň organizmine edýän täsirini barlap görüpdir. Onuň ýaşaldýan netije berýändigi ýüze çykarylypdyr. Ol saglaryna degmän, garraýan öýjükleri öldüripdir. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Barlagyň dowamynda alymlar syçanlaryň dürli toparlary bilen iş geçiripdirler. Birinji ýagdaýda 2 ýaşly syçanlaryň (adamyň 70 ýaşyna barabar) iýmitine prosiandiniň С1 erginini goşupdyrlar, beýleki topara bolsa adaty fiziki ergin beripdirler. Netijede birinji topardaky syçanlar ikinji topardakylardan 64,2% köp ýaşapdyrlar. Şonuň ýaly-da, PCC1 serişdesiniň ýaş haýwanlaryň organizmine hem gowy täsir edýändigi ýüze çykarylypdyr. Olar beýlekilerden has çydamly bolupdyrlar.

Ýöne alymlar diňe munuň bilen çäklenmändirler. Olar üzümiň çigitlerinden alnan serişdäniň çiş öýjüklerine nähili täsir edýändigini barlap görmegi hem ýüreklerine düwüpdirler. Näsag syçanlaryň bir toparyny PCC1 we himiýa terapiýa üçin ulanylýan mitoksantron serişdesi, beýleki toparyny bolsa diňe mitoksantron bilen bejeripdirler.

Ol täsin galdyryjy netije beripdir: birinji topardaky syçanlaryň çişi 75%, ikinji topardakylaryňky bolsa 44% kiçelipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: