BIZE YAZYARLAR

 Lagymlar

Pederlerimiz ir döwürlerden bäri suw gorlaryny rejeli peýdalanmak maksady bilen dürli hili desgalary şol sanda lagymlary ulanypdyrlar. Käbir ýerlerde lagymlara «nagym» hem diýlipdir.

Derýanyň kenaryndan gyrlaryň aşagyndan köwlüp geçirilen suw ýoluna «lagym» diýilýär. Welaýatymyzyň Farap etrabynda Işabaşy, Ýylmangaýa, Hojakenepsi, Iljik ýaly hereket edýän lagymlar duş gelýär. Gyryň beýleki tarapyna derýanyň suwuny geçirmek üçin bejerilen ýerasty suw ötügi ady agzalan etrabyň Osty, Hojakenepsi obalarynda ýerleşýär.

Emeli suwaryş desgasy bolan lagymlar Köýtendag etrabynyň çäklerinde duş gelýär. Bu ýerdäki Magdanly şäheriniň günorta-gündogaryndaky lagymyň suwy bilen öz wagtynda Bazardepe obasynyň ekin meýdanyny suwarypdyrlar. Umumy uzynlygy 60 metrden gowrak bolan bu lagymyň üç sany guýusy bolup, häzirki wagtda olar çöküp, gömlüp, diňe sudury galypdyr. Şol sudurlardan görnüşi ýaly, bu lagymyň guýularynyň arasy 10-12 metre deň bolupdyr. Köýtendag etrabynyň käbir obalaryna suw eltmek üçin birmahallar ynsan eli bilen dag şekilli baýryň aşagyndan gazylan lagymyň uzynlygy 35 metre ýetýär.

Ýerli ilat tarapyndan bu suw ötügiň suwundan giňden peýdalanylýar. Lagymy daşly baýyrlardan gazmak juda kyn bolupdyr. Şonda-da ata-babalarymyz derýanyň suwuny beýik baýyrlaryň aňyrsyndaky obalara, ekin meýdanlaryna eltmek üçin lagymlaryň birnäçesini gazypdyrlar.

 Lagymlaryň uzynlygy kärizleriňkiden ep-esli gysga bolupdyr. Dilçi alymlar «lagym» sözüniň ýunanlaryň «lakhoma» sözüniň kem-käs üýtgän görnüşidigini,  onuň ötüp-geçmek üçin gazylan ýerasty suw desgasyny aňladýandygyny, bu sözüň türki dillerde ,,ýerasty jaý» diýmek manysynda ulanylýanlygyny belleýärler.

Maýa Atamuradowa,

Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: