TARYHY ÄHMIÝETLI DUŞUŞYK
Türkmen-rus dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak syýasatyna eýerip, iki dostlukly ýurduň taryhy ähmiýetli çäklerini, özboluşly medeniýetini içgin öwrenmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Kirillowiç Wolynkin hem-de onuň maşgalasy, Lebap welaýatyna amala aşyran resmi däl iş saparynyň dowamynda Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýine gelip gördüler.
Muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan alnyp barylan mazmunly tanyşlyk duşuşygy aýratyn mana eýe boldy. Muzeýde gurnalan merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylygyna bagyşlanan maglumatlar, fotosuratlar we uruş döwrüne degişli eksponatlar, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýeňşe goşan saldamly goşandyny şöhlelendirýän pursatlar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Şeýle pursatlaryň dowamly bolmagy, myhmanlary, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny, Beýik Watançylyk urşy muzeýine gelip görmeklerine bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna itergi berýär. Hut şu maksatly ýörelgeler ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegä, ýaş nesillerimizi ata Watanymyza, halal zähmete, pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine, şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Gözel Eminowa,
Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.