JEMGYÝET

Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn sergi işläp başlady

 Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ylymlar gününe bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady.

Onda Türkmenistanda ylmyň ösüşini, onuň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylyşyny görkezýän eksponatlar we  maglumatlar goýuldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan we ylmy döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylaryň ýasan gurallary hem görkezilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular.

Serginiň açylyş dabarasyndan ozal bu ýerde Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat hem geçirildi.