BIZE YAZYARLAR

Kitaplara siňen gymmatlyk

Biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy kitaplar ýokary hilli kagyzlardan ýasalypdyr. Her döwrüň özüne mahsus arzyly harytlary, gymmatlyklary bolýar. Mundan on dört asyr öň, bütin dünýäde Orta Aziýada öndürilýän kagyzdan bibaha zady tapmak kyn eken. Algebra ylmyny esaslandyryjylaryň biri Horezmi hem bir dostuna ýazan hatynda şeýle kagyzyň gymmatlygy barada aýdyp geçipdir.

Gadymy Hytaý ýyl ýazgylarynda ýazylyşyna görä, kagyz biziň eýýamymyzyň ýüzünji ýyllarynda hytaýly Çaý Lun tarapyndan ulanylyşa girizilipdir. Hünärmentler ony ýüpek, pagta, kenep, zygyr galyndylaryndan taýýarlapdyrlar.

VII asyryň ortalaryndan başlap, Jeýhunyň kenarynda kagyz işläp çykarmak rowaçlanyp ugraýar. Bu ýerde taýýarlanýan kagyzyň berkligi, gelşikliligi, ýokary hilliligi  kagyz ýasamak  bilen meşgullanýan ussalaryň şöhratyny dünýä ýaýýar.

Bu kagyzyň gymmaty hakynda gep gozgalanda, Biruny, Ibn Sina, Nowaýy ýaly alymlaryň, şahyrlaryň ölmez-ýitmez eserleriniň şu kagyzlarda ýazylanlygy üçin biziň günlerimize gelip ýetendigini bellemek hökmandyr.

Dünýä medeniýetiniň sallançagyny üwrän pederlerimiziň gymmatly öwütleri, nesillere aýtmakçy bolan sözleri biziň günlerimize gelip ýetdi. Tuduň gabygyndan ýasalan kagyzlar ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Gabyk 14 basgançakda işlenilenden soň, kagyz halyna gelýär. Kagyzdan gurjaklar, maskalar ýasalyp, köýnekler hem tikilipdir. Olar aňsatlyga ýyrtylmaýanlygy, ýuwulanda reňkiniň solmaýanlygy bilen daşary ýurtlularyň hem ünsüni özüne çekipdir.

Kitap barça döwürlerde adamlaryň iň ýakyn dosty, syrdaşy, danalykda deňi ýok garyndaşy bolan bolsa, ýokary hilli kagyzlarda çap edilýän kitaplar hem şu günüň hakykatyny nesillere aman-esen ýetirer.

Suraý Agageldiýewa,

Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: