BIZE YAZYARLAR

Bagtyýar nesilleriň owazy

Milli bahar baýramynyň öňi syrasynda ýurdumyzda däp bolup gelýän çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň arasyndaky bäsleşiklere badalga berildi. Lebap welaýat müdirliginiň gurnamagynda geçirilen bu dabara diýseň şowhunly geçip , tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Bäsleşik Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň konsert zalynda geçirilip, emin agzalarynyň düzümine Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we medeniýet müdirliginiň wekilleri saýlandy.

Bu bäsleşikleriň hataryny ilkinji bolup başlamak bagty skripkaçylar toparlaryň paýyna düşdi. Welaýatyň ähli künjinden ýygnanyşan  mugallymlar we okuwçylar  özleriniň saz sungatyna bolan höwesiniň, söýgüsiniň, zähmetsöýerliginiň berýän netijesini  sahnada görkezmäne başardylar. Topar ýolbaşçylaryň  ýörite bäsleşik düzgünnamasyna laýyklykda saýlap – seçip alan saz eserleri özüniň çylşyrymlylygy, owadanlygy we toparyň düzümindäki okuwçylaryň batyrgaý çemelleşmegi bilen dabara gelen ähli diňleýjileri diýseň haýran galdyrdy. Bäsleşigiň baýrakly orunlary üçin  jemi 10 sany sungat mekdepleriň toparlary synanyşdy.

Şeýle toparlaryň arasynda Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň “Bagtyýarlyk” skripaçylar topary Baş baýraga eýe bolup, olaryň ýerine ýetiren eserleri diňleýjileri özüne maýyl etdi. Mekdebiň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň zehinli, ezber  mugallymy  Suraý Sardarýanyň bu topara üstünlikli  ýolbaşçylygynda diňe bäsleşikleriň däl eýsem  ençeme ýyldan bäri welaýatyň ähli baýramçylyk çäreleriniň bezegi bolup gelýär. Ansamblyň şu ýylky düzüminiň  aglaba bölegi mekdebiň 2-nji we 3-nji synp okuwçylaryndan  düzülendigine seretmezden, bu zehinli çagalaryň ýerine ýetiren eserleri  professional sazandalaryň derejesinden kem galmaýandygyny emin agzalar tarapyndan aýratyn bellenildi. Şeýle beýik netijeleriň gazanylmagy bölümiň düzüminde işleýän mugallymlaryň N.Jumanazarowanyň, Ýu.Arslanowanyň, F.Myradowyň, J.Rajapowanyň agzybirligindedir.  Topar bäsleşige M.P.Musorgskiniň “Soroçin ýarmarkasy” atly operasyndan “Gopak” tansyny, Meret Annamyradowyň “Türkmen tansy” atly meşhur eserini  we Türkmenistanyň Halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi N.Halmämmedowyň halkyň kalbynda baky orun alan “Şükür bagşy” kinofilmine döredilen, çylşyrymly we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy talap edýän ýaryş sahnasynyň sazyny  ýerine ýetirdiler. Olara mekdebiň  zehinli mugallymy  Laçyn Kerimowa sazandarlyk etdi. Şeýle üstünlikleriň höwrüniň köp bolmagyny toparyň ähli gatnaşyjylaryna arzuw edýäris.

  Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallar” bölüminiň mugallymy

  Ýulduz Arslanowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: