SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply küştçi Lala Şöhradowa Bütindünýä olimpiadasyna gatnaşar

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndan ýaş we zehinli türgen Lala Şöhradowa Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndy toparynyň düzüminde Hindistdanda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşar.

Ol şeýle hukugy golaýda aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş edip, ikinji orny eýelemek, kümüş medalyň eýesi bolmak arkaly mynasyp boldy. Ýeri gelende, Lalanyň 2018-nji ýylda hem ýokary ligada çykyş edip, bürünç medaly eýeländigini, şol ýylda hem Gruziýada geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyna TÜrkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň düzüminde üstünlikli çykyş edendigini bellemek ýakymlydyr.

Lala Şöhradowanyň ýaşlygyndan küşt oýnuna höwesini ösdürip, şeýle guwandyryjy üstünlikleri gazanmagynda onuň ilkinji tälimçisi Rozymurat Kurbandurdyýewiň hyzmaty örän uludyr. Talapkär we tejribeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda Lala dürli ýaş derejelerinde Lebap welaýatynyň, Türkmenistanyňyň we dünýäniň çempiony boldy. Ýakynda ol «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynyň final tapgyryna gatnaşdy we mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap, onuň ýeňijisi boldy.

Lala Şöhradowa Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synpyna geçdi.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: