Türkmen talyplarynyň halkara üstünligi

Ýakynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen dünýä belli russiýaly hukukçy Fýodor Fýodorowiç Martens adyndaky halkara bäsleşiginden türkmen talyplary ýeňiş bilen dolandylar. Däbe öwrülen we halkara ynsanperwer hukugy boýunça geçirilýän bu bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Türkmenistana wekilçilik etdiler. Oňa ýedi döwletden 21 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Onda türkmen talyplary güýçli bäsdeşlerinden üstün çykyp, toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.

Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde Halkara Gyzyl Haç Komiteti çykyş etdi. Talyplary bäsleşige uniwersitetiň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow taýýarlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector