SPORT WE SYÝAHAT

Kuraş boýunça dünýä çempionatynda Aziza Kurbanowa bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby Aziza Kurbanowa Hindistanyň Puna şäherinde kuraş boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparyna birinji bürünç medaly getirdi.

Ol 78 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi we diňe Koreýa Respublikasynyň we Özbegistanyň wekillerinden asgyn geldi.

Kuraş boýunça dünýäniň 13-nji çempionatyna 61 ýurtdan 178 türgen gatnaşýar. Onda türkmenistana 13 (7 erkek we 6 zenan) türgen wekilçilik edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: