MEDENIÝET

Aşgabatda italýan sazynyň konserti boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur italýan kompozitorlary Juzeppe Tartininiň, Nikollo Paganiniň we Joakkino Rossininiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan konsert boldy.

Konsert eserleri dünýä sazynyň hazynasyna giren kompozitorlaryň ýubileýine bagyşlandy. Şu ýyl ötgür zehinli sonatalaryň awtory Juzeppe Tartininiň doglan gününe 330 ýyl dolýar. Dünýäniň aýdym-saz jemgyýetçiligi şu ýyl meşhur skripkaçy Nikkolo Paganininiň doglan gününiň 240 ýyllygyny belleýär. Nusgalyk eserlere öwrülen operalaryň awtory Joakkino Rossininiň doglan gününden bäri bolsa 230 ýyl geçdi. Konsertde olaryň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: