Rapid we blis küşt boýunça Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda Lebap welaýatyndan baran küştçi Lala Şöhratowa rapid boýunça birinji orny eýeledi.
Finalda ol klassyky küşt boýunça Türkmenistanyň hereket edýän çempiony Jemal Ödezdurdyýewa bilen duşuşdy. Üçünji orny Mary welaýatyndan gelen küştçi Merjen Ýalkanowa eýeledi.
Blis turnirde bolsa edil tersine boldy. Jemal Öwezdurdyýewa ynamly öňe saýlandy we final duşuşyga iki tur galanda, özüne ýeňişi üpjün etdi. Lala Şöhratowa ikinji, aşgabatly Ogulsuraý Baýrambaýewa üçünji orunlary eýelediler.
Çempionata 50 gowrak erkek we 22 zenan gatnaşdy. Ýeňijiler 2022-nji ýylyň 25—30-njy dekabr aralygynda Almatyda (Gazagystan) rapid we bliş küşt boýunça geçiriljek dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik ederler.
