Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda futbol turniri geçirilýär

Şu gün Dänew etrap stadionynda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany, Respublikanyň at gazanan mugallymy, Halk magaryfynyň göreldeli işgäri Hajy Jumaýewiň 100 ýaşynyň şanly senesi mynasybetli yglan edilen futbol turniri başlanar. Açylyş dabarasy 16:00-da başlanjak turnirde ilkinjiler bolup meýdançada Dänew etrabynyň «Galkynyş» we Türkmenabat şäheriniň «Rowaç» toparlary duşuşarlar.

Öýlän sagat 18:00-da Türkmenabat şäheriniň «Nesil» we Dänewiň «Galkynyş 2» toparlarynyň oýny guralar. Turniriň beýleki duşuşyklary 13-nji noýabrda bolar we şol gün ýeňijiler kesgitlener.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector