YKDYSADYÝET

Köýtendag kän müdirliginde geçen ýyl 600,7 müň kub metr önüm öndürildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginde geçen ýylyň dowamynda magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 600 müň 717 kub metri öndürilip, bellenilen meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Maliýe görkezijileri boýunça degişli döwürde 16 million 095 müň 285 manatlyk iş ýerine ýetirilip, meýilnama 102,5 göterim amala aşyryldy. 

Bu ýerde, esasan-da, 5-20 millimetr ululykdaky çagyl daşlary, üwelen we ýuwlan ownuk çagyl daşlary taýýarlanylýar. Geçen döwürde müdirligiň işgärleri tarapyndan çagyl daşynyň 224 müň 460 kub metri, ýuwlan çägäniň 294 müň 130 kub metri, but daşynyň 82 müň 130 kub metri öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: