JEMGYÝET

Dubaýda türkmen restorany işläp başlady

Dubaý şäherinde “Talhan” atly türkmen restorany açyldy. Bu BAE-de açylan ilkinji türkmen myhmanhana-restoran işewürligidir. Ol «Expo City Dubai» sergiler merkezindäki Türkmenistanyň pawilýonynda ýerleşýär. Bu barada Dubaýyň Sergiler şäherçesiniň metbugat gullugy habar berýär.

«Aşhana sungatynyň bu ajaýyp dürdänesi daşary ýurtlaryň aşhanasynyň dürli tagamlaryny hödürleýär. Olar myhmanlary dünýäniň tagamlar dünýäsine ajaýyp syýahata atarýar» diýlip habarda bellenýär. 

Restoran irden sagat 09:00-dan agşama sagat 23:00-a çenli işleýär. Onda türkmen aşhanasynyň tagamlary hem müşderilere hödürlenýär. 

Bu ýerde bir adamlyk dogramanyň bahasy 11, palawyň bahasy 13,5, unaşyň bahasy 10, çopan işdäaçarynyň bahasy hem 7,5 dollardan ybarat. Bu ýerde gutap, fitçi, börek, gowurdak, somsa, manty ýaly tagamlar hem hödürlenilýär. 

«Talhan» – Aşgabat şäheriniň iň meşhur restoran düzümleriniň biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: