«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda regenerirlenen süýüm öndürilip başlandy

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda regenerirlenen süýümiň önümçiligi ýola goýuldy. Geçen aýda bu ýerde bu önümiň 123 tonnadan gowragy çykaryldy.

Kärhanada kendir görnüşli watin, kendir matasy we nah pagta öndürilýär. Geçen ýedi aýda kendir görnüşli watiniň 116 müň 770 metrden gowragy, kendir matanyň 154 müň metre ýakyny we nah pagtanyň 436 tonna ýakyny taýýarlanyldy. Olaryň bir bölegini bolsa Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector