Tamamlanan ýyl ähli ulgamlarda bolşy ýaly, welaýat çagalar kitaphanasynda hem üstünlikler bilen jemlendi. Has takygy, 2023-nji ýylyň dowamynda çagalar kitaphanasynda körpe we kiçi ýaşly okyjylara dürli neşirleriň 103 müň 230 nusgasy hödürlenildi. Şolardan 13 müň 876-sy syýasy, 19 müň 978-i çeper, 32 müň 659-y çagalar we 36 müň 717-si dürli ugurlara degişli edebiýatlardyr.
Şeýle-de kitaphanada geçen ýylda okyjylaryň 10 müň 287-si goşuldy. Geçen ýyl «Galkynyş» kitap merkezinden täze neşirleriň 473-si kitaphananyň gaznasyna goşulyp, bu ýerde jemi neşirleriň sany 118 müň 31-e barabar boldy.
Geçen ýylda kitaphana işgärleriniň guramagynda medeni-köpçülik çäreleriniň 339-sy geçirildi. Şeýle hem täze okyjylary çekmek maksady bilen guralan 174 sergi oňyn netijesini berdi. Geçirilen işleriň netijesinde okyjylarymyzyň sany 43 müň 460-a ýetdi.
2023-nji ýylyň dowamynda kitaphananyň bütewi elektron ulgamynyň katalogyna 18 müňden gowrak neşir goşuldy. Şeýle-de okyjylaryň teklipleri boýunça 25 sany elektron kitap döredildi. Munuň özi kitaphananyň ýaş okyjylaryna ýeňillikleri döretdi. Şunlukda kitaphanada jemi 200-den gowrak dürli görnüşli elektron kitaplar bar.

