JEMGYÝET

Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynda kitap sergisi guraldy

Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly kitap sergisi guraldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen bilelikde guralan serginiň açylyş dabarasyna edaralaryň, kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», şeýle-de «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» ýaly kitaplar goýuldy. Açylyş dabarasynda bu eserleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.

Ynsan saglygy barada edilýän aladalar, olaryň berýän oňyn miweleri, saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilişi baradaky gürrüňler bu ýerde edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: