JEMGYÝET

Pişikleriň diline düşüneris

Mundan beýläk pişikleriň «diline» düşünmegimiz mümkin. Muňa ýapon kompaniýalarynyň birinde döredilen «Mýaulingwal» atly enjam ýardam berer.
Aýdylyşyna görä, täze enjam mikrofondan we ekrandan ybarat. Pişigiň mýawlamak arkaly «aýdan sözleri» ekranda ýazmaça görnüşde peýda bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, hut, şu kompaniýa bir ýyl mundan öň itleriň «sözlerini» terjime edýän enjamy döredipdir. Deslapky maglumatlara görä, häzire çenli bu enjmalaryň 300 müňden gowragy satyn alyndy. Olary satyn alanlaryň itleriniň diline düşünip-düşünmeýändigi bolsa heniz mälim däl.

Gözel Setdarowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply