«Älem gözeli» bäsleşiginiň ýeňijisiniň ady belli boldy

Hindistanyň wekili Harnaz Sandhu Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşýän Eýlat kurort şäherinde ýekşenbeden duşenbä geçirilýän gije tamamlanan «Älem gözeli» owadanlyk bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, diýip «ТАСС» ýazýar.

Günorta Afrika Respublikasyndan Lalela Mswane we Paragwaýdan Nadiýa Fereýra degişlilikde ikinji we üçünji orunlary öz aralarynda paýlaşdylar.

Bäsleşige 80 ýurtdan gelen gyz gatnaşdy.

Bäsleşigiň ýeňijisi — 21 ýaşly hindi modeli we aktrisasy Harnaz Sandhu  ýoga, tans, at münmek we küşt oýnamak bilen meşgullanýar, diýip, «The Indian Express» gazeti habar berýär. Harnaz Hindistanyň demirgazygyndaky Çandigarh şäherinde doguldy. Üç dil: hindi, penjaby we iňlis dillerini bilýär. Ol bu ýeňşe 17 ýaşyndan bäri ymtyldy, ol şonda «Çandigarh gözeli» bäsleşigine ilkinji gezek gatnaşdy.

Adblock
detector