JEMGYÝET

Çärjewde Magtymguly Pyraga we Arkadag şäherine bagyşlanan maslahat geçirildi

Çärjew etrap bilim bölüminde «Magtymguly Pyragy — göwünleriň ganaty» atly wagyz-nesihat maslahaty guraldy. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. 

Çäräniň dowamynda edilen çeper döredijilik bilen meşgullanýan bilim işgärleri Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligini, ýylyň şygaryny wasp edýän goşgulary bilen çykyş etdiler. 

Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheri barada hem buýsançly gürrüň edildi. Onuň owadan seýilgähleriniň, heýkelleriniň, suw çüwdürimleriniň wideoýazgylary bolsa hemmelere bu ekologiýa taýdan arassa şähere gaýybana syýahaty bagyş etdi.