YLYM WE TEHNIKA

Rus alymlary täsin prosessor işläp taýýarladylar

Kriptoprosessorlaryň internet üçin goragly liniýasy — «Ростех» döwlet korporasiýasynyň «Автоматика» Konserniniň, Moskwanyň aragatnaşyk we informatika tehniki uniwersitetiniň we «Каскад» kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasy. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Kriptoprosessor kristaldaky aýratyn ulgam bolup, ol «kompýuterdäki kompýuterdir». Ol maglumatlary şeýle bir usul bilen öwürýär welin, ony ilki başda ulanylan programma üpjünçiliginiň kömegi bilen işlenen kompýuterde okap bolýar, diýip, «Ростех»-iň saýtynda aýdylýar.

Täze enjam howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün eder we maglumatlary almak üçin daşardan rugsatsyz girmegi gadagan eder. Kriptopresessor bar bolsa fiziki serişdelerden goranmak üçin goşmaça gorag serişdesi gerek bolmaz.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: