YKDYSADYÝET

«Kökçi» her gün 260-dan gowrak akkumulýator öndürýär

2016-njy ýylda esaslandyrylan, Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasy bilen sazlaşykly işleýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde geçen ýylyň dowamynda bir günde öndürýän akkumulýator batareýalarynyň ortaça sany 210-dan geçen bolsa, şu ýylyň başky iki aýynda bu görkeziji 263-den agdy.

Bölümleri ýurduň ähli sebitlerinde hereket edýän bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» hil nyşanly 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 watt kuwwaty bolan görnüşleri öndürilip, alyjylara hödürlenýär.

Önümçilik gerimi barha giňeýän kärhanada 2023-nji ýylyň dowamynda dürli kuwwatlykly akkumulýator batareýalarynyň 76 müň 680-den gowragynyň öndürilmegi kärhananyň önümçilik kuwwatynyň ýokarydygyna, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: