YKDYSADYÝET

Türkmenistanda pisseli şokolad pastasy öndürilip başlandy

«Parahat» hususy kärhanasy täze, «Ýeserje» haryt nyşany bilen pisseli şokolad pastasynyň önümçiligini ýola goýdy.

Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň neşiriniň habar bermegine görä, täze önüm ekologiýa taýdan arassalygy, tebigylygy bilen tapawutlanýar. Oňa hiç hili himiki reňk we ys berijiler goşulmaýar. Taýýar önümler 350 gramlyk çüýşe gaplara gaplanylýar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän bu iri hem döwrebap hususy kärhana önümçiligi awtomatlaşdyrmak, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy hasaplanýar. Önümçiligi şöhlat önümçiliginden başlan kärhananyň tebigy miwe şireleri, çaýlary, gazly içgileri, miwe-gök önüm pýureleri, süýt we et önümleri alyjylaryň islegli önümleridir. Olar Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Ýewropa döwletlerine, goňşy ýurtlara eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: