BIZE YAZYARLAR

Çaga terbiýesiniň meseleleri

Halkymyzyň arasynda: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyl bar. Çagalara köpçülikde  ulalmaga mümkinçilik beriň!

Çagalygy eý görmeli! Çagalar hezil edip oýnar ýaly, hezil edip ylgar ýaly ýagdaý döretmeli! Goý, olar ýaýnasyn, çagalygynyň hözirini görsün. Onuň  islegini ösdürip, goldaw bermeli. Çagalyk döwrüniň geçenine ökünmeýän adam ýokdur?! Adamyň çagalyk ýyllary onuň iň eziz, iň gözel döwrüdir.

Tebigatyň gaňryşyna gaýtmaly däl. Ol çagalaryň uly adam bolýançalar çaga bolanlaryny isleýär. Eger biz şu düzgüni bozsak, onda tiz bişer miwe alarys – onsoň olarda ne kämillik, ne tagam bolar, ol hem derrew zaýalanmak bilen bolar! Şeýlelikde, bizde ýaş tebipler, garry çagalar köpeler. Çagalar özüçe görýärler, özüçe pikirlenýärler. Özüçe-de duýýarlar, şoňa görä-de, olary özümiziňki bilen çalşyrjak bolmak nädogrudyr.

 Çagalaryň baý, şahyrana dünýäsini maksatly ösdürmek biziň jana-jan wezipämizdir. Olar her bir zatdan täze bir zady görmegi, duýmagy başarýarlar. Biziň çagalardan öwrenmeli zatlarymyz hem bar.

Çagalar uzak wagtlap oýnan ýa-da ulanan zatlaryny çym-pytrak edip söküşdirýärler. Bu hereketler çaganyň şol zady öwrenesiniň gelýändigine şaýatlyk edýär. Ol şol oýunjagy sökmän, nädip onuň iç gurluşyny öwrensin?!

Çaga näçe kiçi, körpe boldugyça, oňa berilýän ahlak terbiýesi hem şonça ýürekden bolmaly, sada bolmaly, ýagny oňa öwretmeli däl-de, gowy duýgy-düşünjelere endik etdirmeli. Göwnüne az deglen çaga ulalanda, öz mertebesine has çuň göz ýetirýän ar-namysly adam bolýar.

Gülçihra Hallyýewa,

Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: