BIZE YAZYARLAR

Çaga – durmuşyň güli

Çagalaryň bagtyýarlygy — maşgalanyň binýadynyň berkligi. Maşgalanyň binýadynyň berkligi bolsa jemgyýetiň baýdygyny we ýurduň kuwwatlydygyny alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn alada bilen gurşamak döwletimiziň baş ýörelgesidir. Çaga doglanyndan başlap, onuň durmuş goraglylygyny, sagdyn ösmegini üpjün etmek adamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyz döwlet durmuşyna dahylly meselelere bagyşlanylan Hökümet mejlislerinde jemgyýetiň sagdyn we berk bolmagy üçin her bir maşgalanyň bagtyýarlygynyň gazanylmalydygyny nygtaýar. Görüm-göreldäniň, edep-terbiýäniň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Adamkärçilik sypatlary, zähmet endikleri bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji binýady hem maşgalada goýulýar.  Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramak we berkitmek, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak hakynda hossarlyk alada edýär. Güneşli Diýarymyzyň paýtagtynda we welaýatlarynyň iň çetki obalarynda hem häzirkizaman  tehnologiýalary bilen üpjün edilen  döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlara kämil derejede sowat-bilim almaklaryna, körpeliginden kompýuter endiklerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredi. 

Biziň çagalar bagymyzyň müdiri hem-de tejribeli terbiýeçileri ösüp gelýän körpeleriň döwrebap bilim we terbiýe almaklary ugrunda içgin aladalanýarlar. Olaryň arasynda biz dürli maksatly bäsleşikleri ýygy-ýygydan gurap durýarys. Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalar bagymyzda „Sport – ruhubelentlikdir!“, „Geliň, sanlary öwreneliň!“, „Kim çalasyn!“ atly bäsleşiklere giň gerim berdik. Her gün säher bilen bolsa çagalaryň beden saglyklaryny berkitmek üçin dürli sport maşklaryny ýerine ýetirýäris. Bu bolsa çagalar we terbiýeçiler üçin täze günüň şatlyk-şagalaňa, ruhubelentlige beslenmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin çagalar bagymyzyň körpeleri örän tertipli, bilimli hem terbiýeli. Munuň şeýledigine bolsa çagalaryň ata-eneleri hem ýokary baha berýärler we köp sagbolsun aýdýarlar. Çekýän zähmetimiziň ajaýyp miwesini görenimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da erjel, ak ýürekden zähmet çekmäge bolan höwesimiz artýar.

Biz – terbiýeçilere ýaş nesl bilim dünýäsine ymykly aralaşmaga we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ak ýol açyp beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, bu ugurda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Merjen Arslanowa,

Döwletli etrabynyň 16-njy „Akpamyk“ çagalar bakja-bagynyň 1-nji derejeli terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: