DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kinoekipažly «Ý. A. Gagarin» gämisi Gazagystana gondy

Bortunda kosmonawt Oleg Nowiskiý, aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko bolan “Ý. A. Gagarin” (“Soýuz MS-18”) kosmos gämisiniň aşak düşürilýän enjamy Gazagystan sährasyna gondy. Gonuş Roskosmosyň saýtynda ýaýlyma berildi diýip, TASS habar berýär.

Halasgärler ekipažyň agzalaryna çykmaga kömek etmek üçin aşak düşürilýän enjama tarap ugradylar. Peresild bilen Şipenko 5-nji oktýabrdan, Nowiskiý 9-ny aprelden bäri orbitadady. 

Roskosmosyň baş müdiri Dmitriý Rogoziniň “Perwyý kanal-yň” efirinde habar bermegine görä, ekipažyň beýleki agzalaryna garanda kosmosda has köp wagt bolan Nowiskiýniň özüni duýşy kanagatlanarly.

Peresild bilen Şipenko dünýäde ilkinji gezek kosmosda çeper filmi surata düşürdiler. “Çagyryş” diýlip atlandyrylan kosmos dramasy kosmonawty halas etmek üçin orbita uçan lukman gyz baradadyr. Film Roskosmosyň, “Perwyý kanal-yň” we Yellow, Black and White studiýasynyň bilelikdäki taslamasydyr. Filmiň surata düşürilişine russiýaly kosmonawtlar – Anton Şkaplerow, Oleg Nowiskiý we Pýotr Dubrow hem gatnaşdy.

Umuman, orbitada, takmynan, 35-40 minut ekran wagty surata düşürilen bolmaly. Roskosmosyň baş müdiri Dmitriý Rogoziniň Twitterde aýtmagyna görä, aktrisa bilen režissýor doly ukyny alman işlediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: