DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dokuz ýaşly talyp Alisa Teplýakowany MDU-dan çykarmazlar

Dokuz ýaşly talyp Alisa Teplýakowany M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden çykarmak meýilleşdirilmeýär, diýip bu ýokary okuw jaýynyň rektory «ТАСС»-a habar berdi.

Ozal «Lenta.ru» neşiri gyzyň kakasyna salgylanmak bilen, Alisanyň okuwa giren MDU-nyň psihologiýa fakultetiniň mugallymlarynyň oňa hususy çemeleşmäni gözlemekden boýun gaçyrýandyklaryny we we okuwdan çykarjak diýip gorkuzýandyklaryny habar beripdi.

«Ol okaýar, kakasy onuň bilen sapaklara bile gatnaýar, fakultet ol barada alada edýär» — diýip, Sadowniçiý beýan etdi. Şonda rektor: «Gyzy uniwersitetden çykarmak meýilleşdirilýärmi?« diýlen soraga otrisatel jogap berdi.

Öň habar berşimiz ýaly, moskwaly gyzjagaz sekiz ýaşynda rus dili, matematika, biologiýa we informatika boýunda bitewi döwlet synagyny tabşyrypdy we Moskwanyň 626-njy mekdebinde attestat alypdy. Dokuzynjy synpy tamamlandygy baradaky attestaty gyzjagaz ýedi ýaşynda alypdy. Alisa psihologiýa, ekologiýa we bioinformatia bilen baglanyşykly programmalar bilen gyzyklanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: