DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Kawkaz ýesiriniň» baş gahrymany täze serialda surata düşýär

Sankt-Peterburgda «Россия 1» telekanaly üçin «Lýusýa daýza» komediýa melodramasyny surata düşürip başladylar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Taslamanyň meýdançasynda aktýorlaryň ajaýyp düzümi toplandy: Natalýa Warleý, Andreý Urgant, Anna Banşikowa, Dmitriý Dýužew, Tatýana Kolganowa we Sergeý Rost.

«Lýusýa daýza» serialynyň režissýory — Anario Mamedow. Ol ozal Pawel Pruluçin bilen bilelikde «Arwah» we Anastasiýa Talyzina bilen bilelikde «Ýuka materiýalar» filmlerini surata düşüripdi.

«Lýusýa daýzanyň» ýaýlyma çykjak senesi entek belli däl.

Natalýa Warleý «Kawkaz ýesiri, ýa-da Şurigiň täze başdan geçirenleri» filminde Ninanyň roluny ýerine ýetirdi we uly meşhurlyga hem-de sowet kinosynyň ýyldyzy diýen ada eýe boldy. Ol «Ýefreýtor Zbruýewiň ýedi gelinligi», «Meniň kakam — idealist», «Meniň ulalasym gelmeýär» diýen filmlerde surata düşdi. Onuň gatnaşmagynda surata düşürilen «Çal köpekleriň maşgalasyndan bolan äpet awçy iti» filmi 2006-njy ýylda görkezilip başlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: