TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabadyň durmuş işgärleri inklýuziw hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça maslahata gatnaşdylar

BMG-niň we Türkmenistanyň Bilelikdäki «Ýerli derejede hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny durmuşa geçirmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabadyň, Türkmenabadyň we Marynyň döwlet we hökümete degişli däl durmuş hyzmatlaryny berýänler we ilaty durmuş işi boýunça täze hünärmenler üçin onlaýn görnüşde maslahat geçirildi, diýip «turkmenportal.com» ýazýar.

Maslahaty Bolgariýanyň durmuş işi we tejribesi institutynyň (SAPI-niň) hünärmenleri, milli trenerler, şonuň ýaly-da BMG-niň agentlikleriniň — Bilelikdäki maksatnamanyň we Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri geçirdiler.

Çäräniň dowamynda ýerli derejede täze durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirenlerinde, gazanylan öňe gidişlikleri we ýüze çykan kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň agentlikleriň maliýe goldawy bilen Türkmenistanda synagdan geçirilýän 12 täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň duş gelýän has çylşyrymly ýagdaýlaryna aýratyn üns berdiler.

Gatnaşyjylar käbir hyzmaty alyjylaryň maşgalasynyň we jemagatyň reintegrasiýasy bilen baglanyşykly toplan tejribesi we ýüze çykýan kynçylyklar barada pikir alyşdylar, durmuş hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň kyn durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçişiniň görnüşleri bilen tanyşdylar we  SAPI-niň hünärmenleriniň maslahatlaryny aldylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar bilim we tejribe alyşmagy tejribesiniň taslamanyň işiniň ähli döwürlerinde we synag döwri tamamlandan soň hem dowam etdirmeli diýen netijä geldiler.

Bu maslahat beriji sessiýa BMGÖM-niň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we BMG-niň agentlikleriniň goldamagynda milli hünärmenlere Türkmenistanda durmuş hyzmatlarynyň täze modelini öwretmek boýunça amala aşyrylan 10 aýlyk toplumlaýyn maksatnamanyň jemini jemleýär.

Mümkinçilikleri ösdürmek boýunça geçirilýän bu çäre Türkmenistanyň hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny döretmek boýunça tagallalaryny goldamaga gönükdirilen. Şeýle hyzmatlar hossarsyz galan ýa-da hossarsyz galmak howpy abanýan mümkinçilikleri çäkli çagalaryň, mümkinçilikleri çäkli ulularyň, goldawa mätäç gartaşan adamlaryň, gender zorlugyna sezewar bolýan aýallaryň we töwekgel topardaky ýaşlaryň talaplaryny ödemäge gönükdirilen.

MDÖ-niň Billeikdäki gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ýerli derejede hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny durmuşa geçirmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň birnäçe agentlikleri, has takygy, ÝUNISEF, BMGÖM, UNFPA we BMG-niň IGD we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýar.

Esasy milli hyzmatdaşy — Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG-niň Bilelikdäki maksatnamasynyň esasy agentligi — ÝUNISEF.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: