MEDENIÝET

Kerkili medeniýet işgäri gadymy södümen aýdymlaryny dikeldýär

Kerki etrabynyň Hatap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Arzygül Jumageldiýewa telim asyrlaryň dowamyndan geçip gelýän gadymy sungat eserleriniň biri bolan södümen aýdymlaryny dikeltmek we ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça işleri alyp barýar.

Sungat işgäriniň gürrüň berşi ýaly, södümen aýdymlarynyň aýratynlygy olaryň köpçülikleýin ýerine ýetirilýändiginden ybarat. Bu aýdymlary, esasan hem, gelin-gyzlarymyz aýdýarlar. Aýdym aýdylyp başlanynda 60-70 bende çenli aýdylýar. Södümen aýdymlarynyň her bendi ýekelikde haýsydyr bir ýerine ýetiriji tarapyndan aýdylýar. Köpçülik bolsa gaýtalamasyna goşulýar.

Aýdymyň bu görnüşi öz köküni irki döwürlerden alyp gaýdyp, olaryň gelip çykyşy Lebap welaýatyna degişli hasaplanylýar. Has takygy, ol irki döwürlerde Kerki etrabynyň obalarynda gelin-gyzlaryň arasynda ýerine ýetirilipdir. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: