Lebap welaýatynda iri baýramçylyk dabaralarynyň we toýlaryň meşhur alyp baryjysy Kerim Rozyýew, şol bir wagtyň özünde baletmeýsterdir. Onuň asyl käri barada welaýat neşiri şu günki sanynda habar berdi.
Häzirki wagtda Çärjew etrabynyň Bereket geňeşliginiň Gaýybaýat oba medeniýet öýüne ýolbaşçylyk edýän alyp baryjy «Bägül» tans toparyny esaslandyrdy. Ol bu topary welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlap, etrap medeniýet merkezinde baletmeýster bolup işlän döwründe döredipdi.
Kerim sungat giňişliginde kakasy Hangeldi Rozyýewiň halypalyk ýoluny dowam etdirýär.