JEMGYÝET

Türkmenabatda awtotürgenleşik meýdançasy gurulýar

Türkmenistanda welaýatlaryň ählisinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde hem döwrebap elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasy gurulýar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi saýtynda habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, ýurduň ähli welaýatlarynda gurulýan elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalary üçin zerur bolan ulag serişdelerini, okuw enjamlaryny we materiallary satyn almaklyk meýilleşdirilýär.

Ähli isleg bildirýän taraplar gatnaşmak üçin «Tehniki tabşyrygy» «Türkmenawtoulaglary» agentliginden resmi ýüzlenme haty esasynda alyp bilerler.

Agentlikde bellenilişi ýaly, taraplaryň teklipleri 2024-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli «Türkmenawtoulaglary» agentliginde resmi hat esasynda kabul edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: