JEMGYÝET

«Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Magdanlydaky şahamçasy täze edara binasy ulanylmaga berildi

«Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Magdanlydaky şahamçasy täze edara binasyna göçüp bardy. Şu gün onuň dabarasy boldy.

Bankyň şahamçasynyň gurluşygyna 2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda başlanypdy. Magdanly şäheriniň merkezinde ýerleşýän binanyň gurluşygyny «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň hünärmenleri alyp bardylar.

38 iş orny bolan şahamça «Lenowa» kompaniýasynyň kompýuterleri bilen üpjün edilipdir. Onda  karz pul, hasaplaşyk, kassa amallary we hojalyk bölümleri hereket edýär. Binanyň daş-töwereginde abadanlaşdyrylyş işleri geçirilip, bezeg gülleri ekilipdir. Bu ýerde Köýtendag etrabynyň we Magdanly şäheriniň ýaşaýjylaryna, şeýle-de etrabyň çägindäki edaralara we kärhanalara bank hyzmatlary ediler.

«Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň iň baýry banklaryň biridir. Ýurtda onuň Merkezi edarasy, welaýat merkezlerinde we etraplarynda 23 şahamçasy we 2 sany bank gullugy hereket edýär. Şahamçalarynda «Ýyldyrym» pul geçirýän we «Western Ýunion» daşary ýurt walýutasynda pul geçirýän nokatlary bar.

Lebap welaýatynda onuň 6 şahamçasy hereket edýär. Olaryň 2-si Köýtendag etrabynda — Magdanly şäherinde we Garlyk şäherçesinde ýerleşýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: