YKDYSADYÝET

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşigi tiz wagtdan pile tabşyrmak boýunça meýilnamasyny dolar

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşigi maý aýynyň bäşine çenli pile tabşyrmak boýunça meýilnamasyny dolar. Bu barada hojalygyň başlygy Begenç Haýytmyradow «Türkmen gündogary» gazetiniň habarçysyna habar berdi.

Şu günler kabul ediş punktlaryna pile tabşyrmak dowam edýär. Neşiriň ýazmagyna görä, daýhan birleşiginiň ýüpekçileri 31,5 tonnanyň deregine 40 tonnadan geçirip pile tabşyrmagy maksat edinýärler. Eýýäm tabşyrylan hasylyň mukdary 6 müň kilogramdan geçdi. Olar etrapda ilkinji bolup meýilnamalaryny doldurmagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: