«Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly reňkler

«Dürs» hususy kärhanasynda gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň dürli görnüşleri, asma potolok, içki we daşky diwar boýaglary, suwag materialy we kafel ýelimi öndürilýär.

«Dürs» haryt nyşanly boýaglar 18, 20 kilogramlyk, kafel ýelimi 25 kilogramlyk, suwag materialy 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Önüm Türkmenistanyň söwda nokatlaryna ugradylýar. Hususy kärhananyň hünärmenleri geljekde önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň üstünde işleýärler we önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector