JEMGYÝET

Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlandy

Şu gün Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi. Onuň dowamynda Aşgabat şäherinden we ähli welaýatlardan gelen medeniýet we sungat işgärleri dürli çykyşlary, sergileri guralar, welaýatyň taryhy ýadygärliklerinde bolarlar we öz aralarynda tejribe alşarlar.

Hepdelige Lebap welaýatyndan medeniýet we sungat işgärleriniň 50-si gatnaşýar. Olaryň arasynda welaýat medeniýet merkeziniň «Jeýhun» tans topary, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri hem-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylaryň maşgala ansambly, meşhur aýdymçylar: Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünow, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri Pöwrize Gulamowa, Umyt Bazarow, Mawjuda Jumaýewa, şahyrlar, žurnalistler we beýlekiler bar.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag haty bilen ýüzlendi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: