JEMGYÝET

Kerki etrabynda sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edildi

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginde sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksady bilen çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň guran çäresine daýhan birleşiginde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Onda Türkmenistanda raýatlary saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler, bu babatda hereket edýän kanunçylykda bellenilen çäreler, olaryň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin gürrüň edildi. Adamyň saglygynyň köp babatda özüne baglydygy, sagdyn durmuşa eýermegiň ynsan saglygyny berkitmekdäki ornunyň uludygy düşündirildi. Ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyryldy we şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çagyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: