Lebaply daýhanlaryň dördüsi döwlet sylagyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, ýurduň oba hojlaykçylarynyň bir topary Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Sylaglananlaryň arasynda lebaply daýhanlaryň hem hem dördüsi bar. Has takygy, döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kerimguly Hezziýewe, Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rahymguly Jumakulyýewe, Köýtendag etrabyndan hususy önüm öndüriji Batyr Baýmuradowiç Namazowa we Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülçehra Sanakulyýewna Babanazarowa döwlet sylagy gowşuryldy.