JEMGYÝET

Täze kitap sergisi Bitaraplyk baýramyna bagyşlandy

Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynyň Jeýhun şäherindäki şahamçasynda «Bu toý donuna beslenip Diýar, şanly Bitaraplyk toýuna barýar» atly kitap sergisi açyldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergide Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplar, gazetlerde we žurnallarda bu tema bagyşlanyp ýazylan makalalar, fotosuratlar we beýleki neşirler goýulypdyr. Kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular. Hünärmenler olary bu ýerde goýulan neşirleriň mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň halkara guramalarynda öňe sürýän başlangyçlary, olaryň halkara jemgyýetçiliginde uly goldaw tapyşy, ýurdumyzyň ýüze çykýan meseleleri çözmegiň merkezine öwrülendigi we başga-da birnäçe zatlar barada gürrüň berdiler.

Şu günler şäherçedäki orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary sergi bilen tanyşýarlar.